Häzirki wagtda eýýäm 34 ýurt BRICS-iň işine haýsy hem bolsa bir görnüşde goşulmak isleýändigini mälim etdi. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, BRICS ýurtlarynyň howpsuzlyk meselelerine jogapkär ýokary wekilleri bilen duşuşygynda aýtdy.
-Biz BRICS-e köp ýurtlaryň artýan gyzyklanmasyny ünsden düşürip bilmeris. Häzirki wagtda 30-dan gowrak ýurt, has takygy, 34 döwlet birleşigimiziň işine haýsy hem bolsa bir görnüşde goşulmak isleýändigini mälim etdi – diýip, rus Lideri belledi.
Putin şu ýyl BRICS-iň häzirki başlygy hökmünde Russiýanyň birleşigiň çäginde bilelikdäki işleri guramak meselesine uly jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini aýtdy. – Biziň başlyklygymyza aýratyn tabşyryk ýüklenip, ol BRICS-iň mehanizmlerine täze gatnaşýan ýurtlara mümkin boldugyça çalt kömek etmekden ybaratdyr – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Onuň sözlerine görä, ýurtlaryň BRICS-e gatnaşmaga bolan gyzyklanmasynyň artmagy baglanyşykly, Kazanda tassyklanjak hyzmatdaş döwletleriň täze kategoriýasynyň modallygy barada maslahat başlandy. Şeýle hem Putin şeýle derejä dalaşgärleriň birtoparyny kabul etmek baradaky meýilnamasyny yglan etdi.