Akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş ýazyjylaryň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana işgärleriniň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Olaryň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabaralary boldy.
Şu ýylyň 28-nji sentýabrynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda şanly seneler mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň ýene-de birnäçesiniň jemlerini jemlemek dabarasy bolar. Bu çäreleriň geçirilmegi Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, ýaş döredijileri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli edebiýatymyzy we medeniýetimizi has-da belent sepgitlere ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bu barada 13-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.