Türkmen keşdesi — Fransiýadaky dizaýnerleriň işleriniň halkara görkezilişinde

9

Fransiýanyň Dowil şäherinde «Art-Storytelling Paris — Deauville» maksatnamasynyň çäginde geçirilen dizaýnerleriň işleriniň halkara görkezilişi dünýäniň köp sanly ýurdundan moda senagaty, medeniýet ulgamlarynda iş alyp barýan hünärmenleri, diplomatik işgärleri bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bölüm başlygy, meşhur dizaýner Jennet Agaýewa bu çärede ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etdi. Zenanlar birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň işgärleri hem türkmen wekiliýetiniň düzümine girdi. Abraýly gözden geçirilişiň dowamynda türkmen halkynyň amaly-haşam we keşdeçilik sungatyny, häzirki zaman dizaýnynyň ösüşini şöhlelendirýän işler myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti