13-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew 16-njy sentýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, 19-20-nji sentýabrda “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahata, degişlilikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda işleýän hünärmenleriň, ylmy işgärleriň, kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyna dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.