Düýş gör­mek bi­len bag­ly dür­lü­çe pi­kir­ler bol­sa-da, anyk se­bä­bi hä­zir­lik­çe ýü­ze çy­ka­ryl­ma­dy. Bi­ler­men­le­riň kö­pü­si ar­zuw­la­ryň, pi­kir­le­riň we gün­diz­ki he­re­ket­le­riň ag­şam uk­la­nyň­dan soň beý­ni­de tä­sin ýag­daý­da şöh­le­len­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Düýş­ler as­lyn­da bol­ma­jak we ha­ky­ka­ta ýa­kyn gör­nüş­de bo­lup, kä­te ada­my gy­nan­dyr­ýar, kä­te bol­sa be­gen­dir­ýär. Kä­wagt go­wy düýş gö­re­ni­miz­de, onuň ha­ky­kat bol­ma­gy­ny is­le­ýä­ris. Kä­te gy­nanç­ly düýş­ler gö­re­ni­miz­de bol­sa, ýat­la­ma­jak bol­ýa­rys. Diý­mek, düýş ada­ma ru­hy taý­dan tä­sir ed­ýär.
Bi­ler­men­ler düýş gör­me­giň ra­hat uk­la­ma­ga hem tä­sir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Kä­bir adam her ge­zek uk­lan­da, kä­bir adam hep­de­de 2-3 ge­zek, kä­bir adam bol­sa, seý­rek ýag­daý­da düýş gör­ýär­. Kä­bi­ri­miz düý­şe ynan­ýan bol­sak, kä­bir adam uku­da gö­ren zat­la­ry­na ün­s hem ber­me­ýär. Düýş gör­mek ada­myň sag­ly­gy­na hem bel­li bir de­re­je­de tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Yzy­gi­der­li düýş gör­ýän adam­la­ryň beý­ni­si iş­jeň we ýat­keş­li­gi güýç­li bol­ýar.
Düýş­ler, köp­lenç ýa­da düş­me­si kyn bo­lan uku­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler bo­lup, bel­li bir ara­lyk­da bo­lup geç­ýär. Düýş­de duý­gu­lar, pi­kir­ler we beý­ni­dä­ki wa­ka­lar şöh­le­len­ýär. Adam bir gi­je­ki uky­nyň do­wa­myn­da iň uzak, ýagny 2 sa­gat tö­we­re­gi düýş gö­rüp bil­ýär. Düýş­ler edil se­ri­al ýa­ly, bö­lek-bö­lek bo­lup, her düýş 5-10 mi­nut do­wam ed­ýär. Em­ma uku­dan oýa­na­ny­myz­da has uzak wagt­lap düýş gö­ren ýa­ly bol­ýa­rys.