Ýaponiýanyň kompaniýalarynda hünärmen ýetmezçiligi sebäpli daşary ýurtly işgärleriň paýy 68,2 göterime ýetdi. “Bloomberg” agentliginiň geçiren barlagyna görä, ilat sanynyň azalmagy we garramagy hem-de iýul aýynda işsizligiň 2,4 göterime çenli peselmegi işewür toparlaryny daşary ýurtlulary işe çekmäge mejbur edýär.

Adalat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Ýaponiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany 2025-nji ýylyň ahyrynda 9,5% artyp, ilkinji gezek 4 million adamdan geçdi we rekord goýdy. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler daşary ýurtly işgärleri çekmegiň şertlerini güýçlendirmegi meýilleşdirýärler, bu bolsa kadr ýetmezçiliginden ejir çekýän kompaniýalaryň ýagdaýyny has-da çylşyrymlaşdyryp biler.

Milli barlaglar institutynyň çaklamalaryna görä, ýurtdaky ilatyň düzüminde daşary ýurtlularyň paýy 2020-nji ýyldaky 2,2 göterimden 2070-nji ýyla çenli 10,8 göterime ýetip biler. “Kyodo” agentliginiň habar bermegine görä, hökümetiň görýän çärelerine garamazdan, çaga dogluş derejesi pesligine galýar we Ýaponiýanyň raýatlarynyň sany soňky 42 ýylda ilkinji gezek 120 milliondan aşak düşüp, 119 million 736 müň 483 adama deň boldy.