“Covid-19” pandemiýasy döwründe girdejisi azalan awiasiýa pudagynyň ösüp başlandygy mälim edildi. Dünýäniň öňdebaryjy reýting edaralarynyň berýän bahasyna görä, pudagyň ösüşi dowam edip, 2020-nji ýyldan ozalky ýagdaýyna gaýdyp geler. Maglumatlara görä, 2020-nji ýylda bu pudakdaky iş orunlarynyň 1 milliondan gowragy ýapylypdyr. Ýolagçylardan alnan girdejiler bolsa, 69 göterim azalyp, 159 milliard ýewro bolupdyr. Halkara awiasiýa gatnawy bileleşiginiň (IATA) maglumatlaryna görä, S&P, “Moody’s” we “Fitch” ýaly öňdebaryjy reýting edaralarynyň berýän seljermelerine görä, maýa goýum goýup bolýan awiakompaniýalaryň sany barha arýar.
Awiakompaniýalar diňe reýting derejesiniň ýokarlanmaýandygyny, girdejileriniň hem artýandygyny belleýärler.
Döwletgeldi Töräýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.