Estoniýaly Ýan Ruz Stambul bogazynyň üstünden çekilen ýüpüň üstünden ýöräp geçdi. Mälim bolşy ýaly, Stambul bogazy Aziýa bilen Ýewropa kontinentlerini ikä bölýär. Şeýlelikde, estoniýaly darbaz Aziýadan Ýewropa ýüpüň üstünden ýöräp geçen ilkinji adam hökmünde taryha adyny ýazdyrdy.
Sleklaýn (Slackline) ugrundan 3 gezek dünýä çempiony bolan estoniýaly darbaz suwuň 165 metr beýikliginde çekilen, uzynlygy 1074 metrlik ýüpüň üstünden ýöräp geçdi. Bu ýöriş 47 minut dowam etdi.
Bu kyn synagy tamamlandan soňra Ruz Stambul bogazynyň müňlerçe ýyllyk medeni ähmiýete eýedigini, ajaýyp tebigy gözelliginiň bardygyny aýdyp, howanyň yzygiderli üýtgemegi we deňziň güýçli akymy hem göz öňünde tutulanda, ýüpüň üstünde ýöremek üçin bogazyň gaýtalanmajak ýerdigini aýtdy. Ol taryha girendigi üçin özüni bagtly saýýandygyny belledi.
Ruz geçen ýyl Katarda bir binadaky dünýäniň iň uzyn sleklaýn ýörişini edipdi.