Germaniýanyň demir ýol (“Deutsche Bahn”) edarasynyň logistika bölümi “Schenker” Daniýanyň DSV logistika kompaniýasyna satylar. Hyzmatdaşlygyň bahasynyň 14,3 milliard ýewrodygy mälim edildi.
“Deutsche Bahn” belgiýaly kompaniýanyň teklibini Kabul edendigini mälim etdi. Satyn alyş we satyş bilen bagly amallaryň degişli rugsatlar alnandan soňra geljek ýylyň ikinji ýarymynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Germaniýanyň demir ýol edarasy ünsi diňe demir ýol gatnawyna gönükdirmek we girdejilerini artdyrmak üçin geçen ýyl “Schenker”-y satuwa çykardy. Agzalýan ylalaşygyň häzire çenli daniýaly kompaniýanyň gazanan iň gymmat şertnamadygy mälim edildi.
DSV-niň dünýäde 75 müň töweregi işgäri bar. Daniýaly kompaniýa nemes kompaniýasyny satyn almak bilen Ýewropadaky amallaryny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.
Merkezi edarasy Essende ýerleşýän “Schenker”-iň bolsa, dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunda 72 müň 700 işgäri bar.
Azizhan Amandurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.