1905-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Şwesiýanyň we Norwegiýanyň Birleşen Patyşalygy Karlstad şertnamasy esasynda parahatçylykly ýagdaýda aýratyn ýurtlar boldy. Şwed we norweg patyşalyklary 1814-nji ýylda bileleşip, bilelikdäki daşary syýasaty ýola goýýarlar. Bileleşik döwründe iki ýurt aýratyn konstitusiýalaryny, kanunlaryny, kanun çykaryjy häkimiýetlerini, administrasiýalaryny, döwlet buthanalaryny, ýaragly güýçlerini we walýutalaryny sakladylar. Ýurduň patyşalary, esasan, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýerleşýän Stokgolm şäherinde ýaşaýardylar. Iki ýurduň baýdagy hem saklanyp, diňe bileleşigi alamatladyrýan şekil ýerleşdirildi. Bileleşik ýatyrylandan soňra baýdaklardaky şol şekiller aýryldy.
Şol ýylyň 13-nji awgustynda Norwegiýada bileleşigi ýatyrmak barada ählihalk ses berişligi bolýar. Saýlawa gatnaşan 371 müň töweregi raýatyň ählisi diýen ýaly bileleşigiň ýatyrylmagyny oňlaýar. Şol döwürlerde zenanlaryň ses bermäge hukugy ýokdugy sebäpli diňe kämillik ýaşyna ýeten erkekler ses bermäge gatnaşýar.
Suratda: Karlstadda gepleşik geçirýän norweg we şwed wekiliýetiniň agzalary.