Monakonyň içimlik suwuň iň gymmat ýurdudygy mälim edildi. Bu barada geçirilen barlagda ýurtda 1,5 litrlik içimlik suwuň bahasy 5,8 dollar. ABŞ bolsa, iň gymmat içimlik suwy bolan ýurtlaryň arasynda sekizinji orny eýeledi. Barlaglara görä, ABŞ suwuň gymmaty boýunça ilkinji onluga giren ykdysadyýeti güýçli ýurtlaryň arasynda ýeke-tägidir. Bu ýerde şeýle göwrümdäki suwuň bahasy, ortaça, 2,19 dollar.
Sanawdaky ilkinji 10 ýeri, esasan, Karib deňziniň we Afrika ýurtlarynyň eýeleýändigi bellendi. Bular degişlilikde, Antigua we Barbuda (2,59 dollar), Merkezi Afrika Respublikasy (2,49 dollar), Barbados (2,48 dollar), Bagama (2,41 dollar), Kosta-Rika (2,35 dollar), Grenada (2,26 dollar) we Eritreýa (2,14 dollar). Onunjy orunda Islandiýa (2,4) gelýär. Iň arzan suwuň Müsürde (18 sent) we Liwiýadadygy (24 sent) anyklandy.