Angliýanyň “Premier Ligasynda” tapgyryň iň esasy oýnunda ýeňiş gazanan bolmady. Çekeleşikli we dartgynly geçen duşuşykda “Mançester Siti” soňky sekuntlarda ýeňlişden halas boldy. Öz meýdançasynda “Arsenaly” kabul eden “Mançester Siti” Erling Holannyň 9-njy minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň 22-nji minutynda Kalafioriniň ajaýyp goly bilen “Arsenal” hasaby deňledi. 45+1-nji minutda braziliýaly goragçy Gabriel “Arsenaly” öňe saýlady. Ýöne 45+8-nji minutda Trossary emin Maýkl Oliwer 2-nji sarydan soň gyzyl kart görkezip, meýdançadan kowdy. 2-nji ýarymda duşuşyk “Arsenalyň” jerime meýdançasynyň alkymynda geçse-de, “Mançester Siti” 90+8-nji minutda hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. “Mançester Siti” “Premier Ligada” 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri öz meýdançasynda ýeňilmän gelýär (33 oýun).

APL-de 5-nji tapgyrda “Çelsi” Jeksonyň (2) hem-de Palmeriň gollary bilen myhmançylykda “West Hamdan 3-0 hasabynda üstün çykdy. “Liwerpul” hem şol hasap bilen “Bornmuty” ýeňip, duşuşykda Luiz Diaz (2) bilen Nunýes tapawutlandy. “Aston Willa” öz meýdançasynda “Wulwerhemptony”, “Tottenham” hem “Braýtony” 3-1 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyklaryň ikisinde-de myhmançylykda toparlar ilkinji bolup hasaby açdy.

 

West Ham – Çelsi: 0-3 (Jekson 4, 18, Palmer 47),

Aston Willa – Wulwerhempton: 3-1 (Wotkins 73, Konsa 88, Duran 90+4 – Kunýa 25),

Fulham – Nýukasl: 3-1 (Himenes 5, Smit-Rou 22, Nelson 90+2 – Barns 46),

Lester – Ewerton: 1-1 (Mawididi 74 – Ndiaý 12),

Liwerpul – Bornmut: 3-0 (Diaz 26, 28, Nunýes 37),

Southempton – Ipswiç: 1-1 (Dibling 5 – Morsi 90+5),

Tottenham – Brentford: 3-1 (Solanke 8, Jonson 28, Meddison 85 – Mbemo 1),

K. Palas – Man. Ýunaýted: 0-0,

Braýton – N. Forest: 2-2 (Hinşelwud 42, Welbek 45 – Wud 13 p, Sosa 70),

Man. Siti – Arsenal: 2-2 (Holann 9, Stounz 90+8 – Kalafiori 22, Gabriel 45+1)