Daniýaly syýahatçy Torbýorn Pedersen 10 ýyllap uçara münmezden, dünýä ýurtlarynyň ählisini aýlandy. Ol bu syýahatyna çykmazdan ozal, işinden çykdy, maşgalasy bilen hoşlaşdy. Şeýlelikde ol diňe gury ýerden gidýän we suw ulaglaryndan peýdalanyp, Ýer ýüzüni aýlandy. Ol bir gezek öýünden gaýdandan soňra, syýahatyny doly tamamlaýança öýüne dolanyp barmady. “Thor” lakamyny ulanýan syýahatçy gezelenje başlamazdan ozal deňizçilik pudagynda zähmet çekýän eken. Onuň şeýle syýahata başlamagyna kakasyndan alan haty sebäp bolupdyr. Kakasy oňa häzire çenli Ýer ýüzüni uçara münmezden aýlanan adamyň ýokdugy barada gürrüň berýän makala ugradypdyr. Şeýlelikde ol Ýer ýüzüni uçara münmezden aýlanmak kararyna gelip, onuň üçin gözleg işine girişipdir.
Ol 2013-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda, 34 ýaşynda wagty uzak ýola rowana bolupdyr. Onuň ýeke-täk maksady uçar ulanmazdan we öýüne dolanmazdan dünýäniň ähli ýurtlaryna aýlanmak bolupdyr. Şeýle hem ol her baran ýurdunda azyndan 24 sagat geçirmegi hem ýüregine düwüpdir. Bu maksadyna ýeten Pedersen dünýäniň iň meşhur we tejribeli syýahatçylarynyň hataryna goşuldy. Ol syýahatynyň dowamynda her gün syýahatçylyk, ýatak jaý we iýmit üçin 20 dollar sarp etmegi meýilleşdiripdir. Oňa bu syýahatynda şahsy bagyşlar we hemaýatkärler hem dürli maliýe goldawyny beripdir. Uçara münmezden dünýä ýurtlaryny aýlanmak wagt we sabyr talap edýän aňsat bolmadyk iş bolsa-da, Pedersen ýüzbe-ýüz bolan ähli kynçylyklaryna garamazdan, bu niýetinden dänmändir.
Ol syýahatyna Ýewropa ýurtlaryndan başlap, soňra Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryna gidipdir. Syýahaty döwründe pasportyny 10 gezek çalyşmaly bolupdyr. Ilkibaşda syýahatyny 4 ýylda tamamlamagy maksat edinen hem bolsa, onuň bu maksadyna ýetmegi has uzaga çekipdir. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa, Ýuwaş ummanyndaky Palau Respublikasyna gitmek üçin Gonkonga baranynda “Сovid 119” pandemiýasy sebäpli çäklndirmeler girizilipdir. Şeýlelikde Pedersen 2 ýyl töweregi wagt Gonkongda ýaşamaly bolupdyr. Çäklendirmeler aradan aýrylandan soňra ol syýahatyna galan ýerinden dowam edipdir. Pedersen şu ýylyň maý aýynda syýahatyny doly tamamlapdyr.
Torbýorn Pedersen syýahatynyň soňky duralgasy bolan Maldiwlere barandan soňra, öýüne gaýmak üçin iki aýdan uzaga çeken gämili syýahata başlapdyr. Jemi 3 müň 576 gün dowam eden bu başdangeçirmäniň dowamynda Pedersen 37 gezek konteýner gämisine, 158 gezek otla we 351 gezek awtobusa münipdir. Ol syýahat eden döwründe suratlaryny we täsinliklerini öz blog sahypasynda yzarlaýjylaryna ýetiripdir.
Ol syýahatynyň dowamynda 203 ýurda we sebite baryp, jemi 382 müň 83 kilometre ýol geçipdir. Bu bolsa Ýeriň daşyndan 9 gezekden hem köp aýlanmaga barabar ýol diýmegi aňladýar. Ol syýahatynyň dowamynda 27 gezek ýanyna baran söýgülisi Li bilen 2022-nji ýylda nikalaşypdyr.
Ol syýahatynyň ýatda galyjy täsirleri barada hem gürrüň berdi. Pedersen Gonkonga baranynda bu ýerde dört gün galmagy ýüregine düwen eken. Emma pandemiýa sebäpli bu ýerden gidip bilmändir. Şol wagt Pederseniň syýahatyny doly tamamlamagyna bary-ýogy 9 ýurt galan eken.