Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Bawariýa” myhmançylykda “Werderiň” derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi. Münhen şäheriniň wekiliniň soňky 3 duşuşykda geçiren gollarynyň sany 20-ä ýetdi. Duşuşykda Olise (2), Musiala, Keýn hem-de Gnabri tapawutlandy.

Soňky çempion “Baýer” öz meýdançasynda “Wolfsburg” bilen duşuşyp, 7 goluň geçirilen oýnunda ýene-de 90-njy minutdan soň geçiren goly esasynda 4-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Duşuşykda “Baýeriň” gollaryny Wirts (14), Ta (32), Hinkapie (49), Bonifeýs (90+3), 1-nji ýarymda 3-2 öňe saýlanan “Wolfsburgyň” gollaryny bolsa Mukiele (5 ö.d.), Bornauw (37) hem-de Swanberg (45+1) geçirdi.

Myhmançylykda “Ştutgart” bilen duşuşan “Borussiýa Dortmund” topary 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu olaryň möwsümdäki ilkinji ýeňlişi bolup, duşuşykda “Ştutgartyň” gollaryny Undaw (2), Demirowiç, Miýo hem-de Ture derwezä girizdi.

Augsburg – Maýns: 2-3 (Şlotterbek 25, Essende 57 – Zib 13, Burkardt 15, 49),

Haýdenhaým – Fraýburg: 0-3 (Doan 54, Grifo 59, 65),

Werder – Bawariýa: 0-5 (Olise 23, 60, Musiala 33, Keýn 57, Gnabri 65),

Union Berlin – Hoffenhaým: 2-1 (Rote 4, U Ýon Çon 6 – Bülter 67),

Bohum – Holştaýn: 2-2 (Bero 22, Daşner 35 – Pihler 15, Matino 89),

Aýntraht – Borussiýa M: 2-0 (Larsson 30, Marmuş 80),

Baýer – Wolfsburg: 4-3 (Wirts 14, Ta 32, Hinkapie 49, Bonifeýs 90+3 – Mukiele 5 ö.d., Bornauw 37, Swanberg 5+1),

Ştutgart – Borussiýa D: 5-1 (Undaw 4, 90+1, Demirowiç 21, Miýo 62, Ture 80 – Girassi 75),

Sankt-Pauli – Leipsig: 0-0