Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” 6-njy tapgyrynyň çäginde “Barselona” topary myhmançylykda “Wilýarreal” toparyndan Lewandowskiniň (2), Rafinýanyň (2) hem-de Torreniň gollary esasynda 5-1 hasabynda üstün çykyp, ýitgisiz ýörişini dowam etdirdi. Ýöne “Barselona” bu duşuşyk iň esasy sütünini ýitirdi. Toparyň germaniýaly derwezeçisi Mark-Andre Ter Ştegen 1-nji ýarymyň ahyrynda sag dyzyndan agyr şikes aldy. Onuň sag dyzyndaky petalla tendonynyň bagynyň gopandygy mälim edildi. Netijede, 32 ýaşyndaky derwezeçi üçin möwsüm tamamlandy. Düýnüň özünde operasiýa edilen Ter Ştegeniň 7-8 aýlap ýaşyl meýdançalara dolanmajakdygy habar berildi.

“Barselona” klubunyň derwezesini häzirlikçe toparyň 2-nji derwezeçisi Iniaki Penýa gorar. Şol bir wagtyň özünde-de katalonlar täze derwezeçiniň gözlegine başladylar. Klubsuz galan erkin agent ýagdaýyndaky derwezeçileriň birini transfer etmegine garaşylýan “Barselonanyň” golaýda futboly taşlan ozalky derwezeçisi Klaudio Brawony düzümine goşup biler. 41 ýaşyndaky çilili derwezeçi täzeden katalonlaryň düzümine goşulmaga taýýardygyny aýtdy.