Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller Eýranda saparda bolup, Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknejad bilen duşuşdy. Bu barada rus kompaniýasy habar berýär.
– Tährana amala aşyrylan saparyň barşynda Alekseý Miller bilen nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Şol duşuşykda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.
Iýun aýynyň ahyrynda “Gazprom” bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda rus gazyny Eýrana ibermek boýunça strategik ähtnama gol çekilipdi.
Eýran tarapynyň habar bermegine görä, Russiýa Eýrana Hazar deňzi arkaly her gün 300 million kubmetr tebigy gaz iberer. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, tebigy gazyň artan bölegi beýleki ýurtlara iberiler. Şertnama 30 ýyla niýetlenip, her ýyl Eýrana 10-12 milliard dollar girdeji getirer.