Dünýäniň sanlyja ýurdunda superkompýuterler bar. Şolaryň biri bolan Ýaponiýada “Fugaku” atly aşa güýçli kompýuter bar. Ýapon alymlary geljek ýyllarda “Fugaku” super kompýuterinden 1000 esse çalt işlejek “Fugaku Next” atly enjamy işläp taýýarlaýar. Täze kompýuter “zetta” klasyna degişli dünýäniň ilkinji kompýuteri bolar. “Zetta” klasy sekuntda “zettaFLOPS” derejesine ýeten hasaplaýyş maşynyny aňladýar. FLOPS bolsa, bir ulgamyň näderejede çalt hasaplap bilýändigini we meseläni çözýändigini görkezýär.
ABŞ-da birnäçe ýyl ozal gurlan “Frontier” super kompýuteri sekuntda 1,1 “exaFLOPS” (1,1 kentillion amal) tizligine ýetipdi. “ZettaFLOP” bolsa, bu görkezijiden müň esse köp diýmegi aňladýar.
Ýaponiýanyň Okuw, medeniýet, sport, bilim we tehnologiýa ministrligi täze hasaplaýyş maşynynyň gurluşygyna geljek ýyl başlanjakdygyny mälim etdi. Meýilnama görä, taslama üçin döwlet tarapyndan 110 milliard ýapon ýeni bölünip berler. Täze maşyn 2030-njy ýylda işe giriziler.