Ça­ga wag­tyň ir­den­den ag­şa­ma çen­li oý­na güý­me­nip ýör­şü­ňe, wagt çalt ge­çip, der­rew Gün ýa­şaý­jak ýa­ly. Ýö­ne beý­le däl. Ça­ga wag­ty­myz mek­de­be git­se­dim, wagt çalt geç­se­di, ba­sym­rak ulal­sam di­ýip ar­zuw ed­ýä­ris. Ýa­şy­myz geç­di­gi­çe bol­sa, wagt çalt geç­ýän ýa­ly duý­lup, gün­de­lik iş­le­ri­mi­ze hem ýe­tiş­män baş­la­ýa­rys. Ýa­ňy Gün do­gan ýa­ly, eý­ýäm Gün ýaş­ýar. Ýa­ňy aý baş­la­nan ýa­ly, eý­ýäm aýyň so­ňy gel­ýär… Ýa­şyň ulal­dy­gy­ça ça­ga­lyk döw­rün­dä­ki ýa­ly Tä­ze ýy­la ga­raş­mak hem on­çak­ly uza­ga çek­me­ýär. Eý­sem, ýa­şyň ulal­dy­gy­ça wag­tyň çalt geç­me­gi nä­me se­bäp­den ýü­ze çyk­ýar­ka?
Psi­ho­log­lar gün, hep­de, aý we ýyl ýa­ly wagt ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­riň ýa­şyň ulal­dy­gy­ça üýt­ge­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. 8 ýaş­ly ça­ga bi­len 80 ýaş­ly adam­da bir hep­de düý­bün­den baş­ga­ça geç­ýär. Bu ýag­daý ýat we baş­dan­ge­çir­me­ler bi­len bag­ly bo­lup, ça­ga üçin bir hep­de uzak wagt, em­ma ýa­şu­ly adam üçin bir hep­de gys­ga­jyk pur­sat. Ça­ga gö­rä has ha­ýal ädim äd­ýän­di­gi­ni çen tut­saň, ýa­şu­ly adam üçin wagt ha­ýal ge­çäý­jek ýa­ly. Ýö­ne uly ýaş­ly adam­lar üçin hep­de gys­ga­jyk wagt bir­li­gi bo­lup, ge­çen gün­le­ri ýat­la­dy­gy­ça wag­tyň çalt geç­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär­ler. Wag­tyň ga­dy­ry­ny bil­me­li­di­gi­ni we «sa­gat­la­ry» tyg­şyt­ly ulan­ma­ly­dy­gy­ny ün­de­ýär­ler.
Psi­ho­log­lar wag­tyň çalt geç­ýän ýa­ly du­ýul­ma­gy­ny beý­ni­dä­ki meň­zeş gün­le­riň köp­dü­gi bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, beý­ni­miz meň­zeş gün­le­ri ýa-da hep­de­le­ri bi­ri-bi­ri bi­len bir­leş­dir­ýär. My­sal üçin, ir­den tur­duň, er­tir­li­gi­ňi edin­diň, uzak gün­ki iş­den soň, öýü­ňe gel­diň, dyn­jy­ňy ala­nyň­dan soň, uka git­diň. Şol bir ter­tip­de gaý­ta­lan­ýan, üýt­ge­me­ýän gün­ler wag­ty çalt geç­ýän ýa­ly gör­kez­ýär. Bir aýyň do­wa­myn­da eden iş­le­ri­miz­den ba­ry-ýo­gy 2-3 sa­ny­sy ýa­dy­my­za düş­ýär. Beý­le­ki gün­ler şol bir ter­tip­de gaý­ta­la­nan ýa­ly duý­lup, hiç zat ýa­dy­my­za düş­me­ýär. Şeý­le­lik­de, her gün şol bir za­dy ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ada­myň aňyn­da wagt çalt ge­çen ýa­ly du­ýul­ýar.
Uly adam­lar­da wag­tyň çalt geç­me­gi­niň ýe­ne bir se­bä­bi hök­mün­de öm­rüň do­wam­ly­ly­gy hem gör­ke­zil­ýär. My­sal üçin, 10 ýaş­ly ça­ga üçin 1 ýyl onuň öm­rü­niň on­dan bi­ri diý­me­gi aň­lad­ýar. Em­ma 60 ýaş­ly bir adam üçin bir ýyl onuň öm­rü­niň alt­myş­dan bi­ri­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu bol­sa, adam­da ýyl­la­ryň hep­de­ler ýa­ly çalt geç­ýän ýa­ly dü­şün­jä­ni dö­red­ýär.
Bi­ler­men­ler ýa­şyň ulal­dy­gy­ça dur­muş en­dik­le­ri­ne tä­ze üýt­geş­me­le­ri goş­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Tä­ze dur­muş en­dik­le­ri wag­ty ha­ýal geç­ýän ýa­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­ňa dil öw­ren­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak, na­har bi­şir­mek, tans et­mek, ge­ze­len­je git­mek we ş.m. my­sal bo­lup bi­ler. Wag­tyň çalt geç­me­gi ýa­ly duý­gy­ny baş­dan ge­çir­mek ada­myň hö­we­si­ni ga­çy­ryp, göw­nü­çök­gün­lik, tu­kat­lyk ýa­ly ala­mat­la­ry dö­red­ýär. Gaý­ta­lan­ýan, ada­ty gün­ler­den uzak­la­şyp, dur­mu­şy­ňa tä­ze zat­la­ry goş­mak özü­ňi has bagt­ly duý­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär.