Italiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň raýatlyk almaklary üçin talap edilýän şertler ýeňilleşdiriler. Häzirki wagtda bu Italiýanyň raýaty bolmak isleýänleriň bu ýurtda azyndan 10 ýyl yzygiderli ýaşamagy talap edilýär. Indi bolsa 5 ýyl ýaşanlaryň hem raýatlyk üçin ýüz tutup bilmekleri üçin mümkinçilik döredilmegi üçin tagalla edilýär. Ýurduň metbugatyndaky habarlara görä, Has köp Ýewropa partiýasynyň ýolbaşçysy Rikkardo Maginiň başlangyjy bilen jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde raýatlyk almak baradaky kanuny üýtgetmek üçin gol çekişlik kampaniýasy geçirilipdir. Munuň üçin ýeterlik sandaky raýat gol çekip, teklibe goşulypdyr. Bu teklipde degişli kanuny üýtgetmek üçin referendum geçirilmegi aýdylýar. Magi referendum talap etmek üçin gerek bolan 500 müň raýatyň goluny wagtyndan öň ýygnandygyny mälim etdi. Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy Elli Şleýn hem bu kampaniýa goşulyp, gol çekdi hem-de raýatlary gol çekmäge çagyrdy. Ýygnalan gollar ählihalk sala salşygynyň geçirilmegi teklip edilip, Konstitusiýa Kazyýetine tabşyrylar. Ýurduň ýokary kazyýeti geljek ýylyň fewralynda gollary doly öwrenip, referendumyň geçirilip geçirilmejekdigi barada karar çykarar. Kazyýet bu teklibi oňlan ýagdaýynda bahar aýlarynda Italiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň raýatlyk almaklary baradaky kanuny üýtgetmek üçin referendum geçiriler.