Amur gaplaňlaryndan ikisi Niderlandlardan Gazagystandaky “Ile-Balhaş” döwlet goraghanasyna getirildi. Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň habaryna görä, bu waka ekoulgamy we ýitirilen biodürlüligi dikeltmek üçin möhüm ädim boldy.
Alymlar, şol sanda, Halkara tebigaty goramak bileleşigi, “amur” we “turan” gaplaňlaryny aýratyn görnüşler däl-de, eýsem, şol bir görnüşiň ekologik ýa-da geografik taýdan tapawutly ýerde ýaşaýan görnüş hasaplaýarlar. Olar bu çäklerde durnukly ýagdaýda köpelenden soňra, turan görnüşiň wekilleri hasaplanar.
Turan gaplaňlarynyň sany Amur gaplaňlaryndan ep-esli köp bolup, Hindistandaky gaplaňlaryň sanyna has golaýlaşypdy. Bu Balhaş sebitinde azyndan, 100 gaplaňy ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Taryhy taýdan Gazagystan Respublikasyndaky Turan gaplaňynyň ýaşaýan ýerleri Il we Syrderýa derýalarynyň kenaryndaky gamyş gyrymsy agaçlary we tokaýlyklardy.
Gazagystanda gaplaňlaryň gönüden-göni ýok edilmegi, olaryň azyk üpjünçiliginiň (sugun, jeren, saýgak, gulan, keýik we ýabany doňuz) üzülmegi sebäpli bu gaplaňlar 1948-nji ýyla çenli ýitirim boldy.