Ýaponiýanyň öňki goranmak ministri, 67 ýaşly Sigeru Isiba dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) başlyklygyna saýlandy we 1-nji oktýabrda ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine girişer. Ol ses berişligiň ikinji tapgyrynda partiýa agzalarynyň 415 sesinden 215-sine eýe boldy.
Onuň bilen ikinji tapgyra çykan Ýaponiýanyň ykdysady howpsuzlyk ministri, 63 ýaşly Sanae Takaiti 415 sesden 194-sini aldy. Ikinji tapgyra, häzirki LDP-niň wekilleriniň ses bermäge hukugy bolan 368-sinden 362-si ses berdi, 47 ses Ýaponiýadaky prefekturalaryň sanyna baglylykda, sebit guramalary tarapyndan berildi. LDP-niň täze başlygy Sigeru Isiba “Keio” uniwersitetiniň hukuk fakultetini gutardy we “Mitsui” bankynda işledi. Ol bäşinji gezek LDP-niň başlygy wezipesine dalaş edipdi we munuň partiýanyň iň ýokary wezipesi ugrunda iň soňky synanyşygy boljakdygyny aýdypdy. Ol dürli ýyllarda goranmak ministri, oba hojalygy ministri we hökümetiň baş sekretary bolup işledi.
Saýlaw kampaniýasy wagtynda, ýurduň goranyş ukybyny we sebitdäki köpçülikleýin howpsuzlyk ulgamyny güýçlendirjekdigini aýtdy. Şeýle hem, ol saýlawçylaryň LDP-ä bolan ynamyny dikeltmek üçin işlejekdigini wada berdi we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça ministrligi döretmegi teklip etdi.
Hökümet täze Premýer-ministri tassyklamak üçin 1-nji oktýabrda parlamentiň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, 27-nji oktýabrda parlamentiň aşaky palatasyna möhletinden öňki saýlawlary geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.