Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 6-njy tapgyryň açylyş duşuşygynda “Milan” öz meýdançasynda “Leççeni” kabul etdi. Ýer eýeleriniň artykmaçlygynda geçen oýunda “Milan” 1-nji ýarymyň ahyrynda 5 minutda 3 gol geçirip, 3 utugy gazandy. 38-nji minutda Teo Hernandesiň pasynda Alwaro Morata hasaby açdy. 41-nji minutda bu gezek Leaonyň asist etmeginde Teo Hernandesiň özi tapawutlandy. 43-nji minutda-da Kristian Pulişiç 3-nji goly “Leççeniň” derwezesinden girizdi. Duşuşygyň 80-nji minutynda-da oýna soň giren Dawide Bartesagi gyzyl kart aldy. Yzly-yzyna 3-nji ýeňşini gazanan “Milan” 11 utuk bilen 1 oýny artykmaç 1-nji orna beýgeldi.

“Milanyň” fransiýaly çep gyraky goragçysy Teo Hernandesiň italýan klubunda geçiren gollarynyň sany 29-a ýetip, ol bu ugurda Paolo Maldininiň rekordyna şärik boldy. Hernandes ýene bir gol geçirse, onda ol “Milanda” ähli döwürleriň iň köp gol geçiren goragçy bolar.