BMG-niň syýahatçylyk boýunça guramasy “UN Tourism”-iň soňky hasabatyna görä, dünýäniň halkara syýahatçylygy koronawirus pandemiýasyndan öňki derejesine gaýdyp gelip, doly diýen ýaly dikeldildi. 2024-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda halkara syýahatçylygy 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 4 göterim yzda.
BMG-niň syýahatçylyk boýunça guramasynyň (UN Tourism) 2024-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda dünýä syýahatçylygynyň ösüşi baradaky täze hasabatynda, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda dünýäde 790 milliondan gowrak syýahatçynyň öz ýurtlaryndan daşary ýurda syýahat edendigi bellenilýär. Bu 2023-nji ýyldakydan 11 göterim köp we 2019-njy ýyldakydan 4 göterim az. Halkara syýahatçylygynyň ösmeginiň esasy faktorlarynyň biri hem daşary ýurtlaryň howa ýollarynyň geografiýasynyň giňeldilmegi we wiza talaplarynyň ýönekeýleşdirilmegi boldy.
“Bu netijeler, häzirki dowam edýän ykdysady we geosyýasy töwekgelçiliklere garamazdan, 2024-nji ýylda halkara syýahatçylygynyň doly dikeldilmegi baradaky öňki çaklamalara laýyk gelýär” diýip, “UN Tourism”-iň hasabatynda bellenilýär. Maglumatlara görä, Ýakyn Gündogar iň uly ösüşi görkezip, makrosebit bolmagyny dowam etdirýär, ýylyň ilkinji ýedi aýynda halkara syýahatçylarynyň gelmegi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26 göterim ýokarlanypdyr.
Afrika 2019-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlary bilen deňeşdirilende, 7 göterim köp syýahatçy kabul etdi. Ýewropa we Amerika giriş akymlaryny degişlilikde, 99 we 97 göterim dikeltdi. Bu proses Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde has haýal bolup, halkara syýahatçylarynyň gelmegi 2019-njy ýylyň ýedi aýy bilen deňeşdirilende, 18 göterim pes.
Umuman alanyňda, dünýädäki 120 ugurdan 67-si 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda halkara syýahatçylarynyň gelmegini 2019-njy ýylyň derejesine çenli dikeltdi. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda iň ýokary görkeziji gazanan ýurtlaryň arasynda Katar (2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende +147 göterim), Albaniýa (+93), Salwador (+81), Saud Arabystany (+73), Moldowa Respublikasy (+50) we Tanzaniýa (+49) bar.
“UN Tourism”-iň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda 63 ýurduň 47-si pandemiýadan öňki halkara syýahatçylyk girdejilerini dikeltdi. Hususan-da, 2024-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda iň gowy netijeleri gazanan ýurtlar Albaniýa (+128) we Serbiýa (+126), bolup, ondan soň Täjigistan (+85), Pakistan (+76), Çernogoriýa (+70), Demirgazyk Makedoniýa (+60) we Portugaliýa (+57) gelýär.
Türkiýe (+55) we Kolumbiýa (+54) hem ýurda gelýän syýahatçylardan gelýän girdejiler taýdan ýokary netijeleri görkezdiler. Bu ýagdaý Saud Arabystanynda (+207) we Salwadorda (+168) bolup, 2019-njy ýylyň birinji çärýegine garanyňda, ep-esli ösüşi görkezýär.
“UN Tourism”-iň hünärmenleri, dünýä syýahatçylygyndaky meseleleriň henizem dowam edýändigine garamazdan, 2024-nji ýylyň oňyn gutarmagyna garaşýarlar. Bu pudagyň ösüşini haýalladýan faktorlaryň arasynda ulag we ýaşaýyş jaýlary üçin ýokary bahalar, işgärleriň ýetmezçiligi we aşa howa hadysalarynyň bardygy bellenildi.