Angliýanyň «Ember» maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan täze maglumatnamasynda şu ýylyň dowamynda guruljak täze Gün beketleriniň umumy önümçilik kuwwatynyň 593 GW boljakdygy bellenilýär. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 29 göterim köp diýmegi aňladýar. Maglumatda, Gün beketlerine maýa goýum goýýan ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň hem durnukly ösýändigi bellenilýär. Hytaý, ABŞ, Hindistan, Germaniýa we Braziliýa Gün energiýasy pudagyna has köp maýa gönükdirýär. Täze guruljak Gün beketleriniň 75 göterimi bu bäş ýurda degişli bolar. Hytaýyň şu ýylyň dowamynda işe girizjek Gün panelleri energiýanyň bu arassa çeşmesiniň önümçiligini 28 göterim artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylyň ahyryna çenli dünýäde täze önümçilige goýberiljek Gün beketleriniň 56 göterimi Hytaýa degişli bolar. Bu bolsa, ýurduň Gün beketlerinden alýan elektrik energiýasynyň 334 GW artjakdygyny aňladýar.
Gün panelleriniň halkara söwdasy hem artýar. Pakistan we Saud Arabystany ýylyň başyndan bäri her aýda önümçilik kuwwaty 1 GW-dan köp bolan panelleri import etdi. Ýylyň ilkinji ýedi aýynda Pakistan 12,5 GW Gün panellerini satyn aldy. Bu görkeziji Saud Arabystanynda 9,7 GW boldy. Paneller oturdylyp, önümçilige başlanan ýagdaýynda bu iki ýurt Germaniýa, Braziliýa we Hindistan ýaly Gün energiýasyny öndürýän iri ýurtlaryň hataryna goşular.