UEFA Ýewropa Ligasynda 2-nji duşuşyklar geçirilip, 7 topar myhmançylykda, 5 toparam öz meýdançasynda ýeňiş gazandy. 6 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Jemi 48 gol geçirildi. 5 topar 2-nji duşuşyklarynda-da ýeňiş gazanyp, ýitgisiz ýoluny dowam edýär.

Şolaryň biri iňlis klublaryndan “Tottenham” myhmançylykda “Ferenswaroşy” Sarr hem-de Jonsonyň gollary bulen 2-1 hasabynda utdy. “Lasio” hem öz meýdançasynda “Nissany” 4-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda italýan toparynyň gollaryny Pedro, Kastelýanos (2), Zakkanýi derwezä girizdi.

Öz çempionatynda o diýen şowly çykyş etmeýän hem bolsa, “Lion” Ýewropa Ligasynda 2-nji duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy. Myhmançylykda “Reýnjersi” Fofana (2) hem-de Lakazettiň (2) gollary bilen 4-1 ýeňen “Lion” ýeňlişsiz ýörişini dowam edýär.

Belgiýanyň “Anderleht” topary-da myhmançylykda “Real Sosiedaddan” 2-1 üstün çykyp, utugyny 6-a çykardy. Rumyniýanyň FKSB (ozalky “Stýaua”) topary-da 2-nji ýeňşini gazanan toparlaryň biri boldy.

Angliýanyň meşhur topary “Mançester Ýunaýted” bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Myhmançylykda “Porto” bilen duşuşan mankunianlar soňky minutda hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy. Şonuň ýaly Türkiýäniň “Galatasaraý” topary-da myhmançylykda RFS topary bilen duşuşyp, 2-0 öňe saýlansa-da, ýeňşi elden giderdi we 1 utuk bilen ýurduna dolandy.

 

RFS – Galatasaraý: 2-2 (Ikaunieks 40, Odişariýa 55 – Mertens 12, Akgün 38)

Ferenswaroş – Tottenham: 1-2 (Warga 90 – Sarr 23, Jonson 86)

Makkabi Tel-Awiw – Midtýullan: 0-2 (Frankulino 39, Çilufiýa 89)

Olimpiakos – Braga: 3-0 (El Kaabi 45, 59, Hezze 53)

Garabag – Malmö: 1-2 (Juninio 15 – Botheim 19, 47)

Real Sosiedad – Anderleht: 1-2 (Marin 5 – Waskes 28, Leoni 39)

Lasio – Nissa: 4-1 (Pedro 20, Kastelýanos 35, 53, Zakkanýi 67 p – Boga 41)

Slawiýa Praga – Aýaks: 1-1 (Çori 67 – Wan de Boomen 18 p)

Hoffenhaým – Dinamo Kiýew: 2-0 (Hložek 22, 60)

Atletik Bilbao – AZ Alkmaar: 2-0 (Iniaki Williams 72, Sanset 85)

Beşiktaş – Aýntraht: 1-3 (Masuaku 90+3 – Marmuş 19 p, Dina Ebimbe 22, Knauff 82)

Porto – Man. Ýunaýted: 3-3 (Pepe 27, Omorodion 34, 50 – Reşford 7, Hýoýlunn 20, Maguaýr 90+1)

Twente – Fenerbahçe: 1-1 (Wlap 29 – Tadiç 71)

Wiktoriýa Plzen – Ludogores Razgrad: 0-0

Elfsborg – Roma: 1-0 (Baidu 44 p)

PAOK – FKSB: 0-1 (Birligea 45+8)

Ýunion Sen-Žilluaz – Bude-Glimt: 0-0

Reýnjers – Lion: 1-4 (Lawrens 14 – Fofana 10, 55, Lakazett 19, 45+1)