Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga, gitmäge hem-de üstaşyr geçmäge rugsat berýän elektron wiza (e-Visa) resmileşdirmek hem-de bermek ulgamy işe girizildi.
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, elektron wizalary bermek bilen bagly işler Internet torundaky ýörite web-saýtynda ýerleşdirilen «e-Visa» atly elektron ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylar.
Täze sanly hyzmat ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň wagtynyň tygşytlanmagyna, resminamalary elektron dolandyrlyşyna geçirmäge hem-de ähli işleri gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ulgam migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyryp, hyzmatlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.
Çeşme: migration.gov.tm
PDF








