1962-nji ýylda iňlis “Beatles” rok toparynyň “Love me do” atly ilkinji hit aýdymy çykarylýar. 1960-njy ýylda Liwerpulda esaslandyrylan “The Beatles” topary geçen asyryň iň täsirli aýdym-saz toparylarynyň biri bolýar. Toparyň agzalary 1964-nji ýylda “A Hard Day’s Night” atly filmde hem oýnaýar. Soňky ýyllarda topar “Rubber Soul” (1965), “ Sgt. Pepper’s Lonely Hearts Club Band” (1967)”, “The Beatles” (1968) we “Abbey Road” (1969) ýaly albomlary çykarýar. Toparyň agzalaryň “Abbey Road” albomyndaky pyýada geçelgesinden geçip barýan suraty olaryň meşhurlygyny has-da artdyrýar.