Ýewropanyň güneşli ýurdy bolan Ispaniýa her ýylda millionlarça daşary ýurt myhman barýar. Ýurt ýylyň ilkinji sekiz aýynda 65 milliona golaý syýahatçy kabul edipdir. Bu döwürde syýahatçylyk pudagyndan 86,7 milliard ýewro girdeji alnypdyr. Şeýlelikde daşary ýurtly myhmanlar günde ortaça 187 ýewro sarp edipdir. Diňe tomus aýlarynda ýurda baran myhmanlaryň sany 21,8 milliona ýetipdir. Ispaniýanyň milli statistika institutynyň maglumatyna görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,3 göterim köpdür. Ispaniýa syýahatçylyk babatda köp ýyldan bäri Fransiýadan soňra ikinji ýerde durýar. Syýahatçylar ýurduň kenarýaka şäherlerine we adalaryna has köp barýarlar. Diňe güneşli kenarýakalara däl, eýsem binagärlik ýadygärliklerine hem baý bolan ýurt Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa ýaly Ýewropa döwletlerinden has köp syýahatçy kabul edýär.
Ispaniýanyň syýahatçylyk pudagyna degişli maglumatlary taýýarlaýan “Exceltur” toparynyň maglumatyna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Ispaniýa 90 million daşary ýurtly barar. Ispaniýanyň bu pudakdan 200 milliard ýewro gazanmagyna garaşylýar.
Aýşa Esenowa, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň talyby.