1947-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda amerikan elektrik inženeri Persi Spenser mikrotolkunly peje patent alýar. Bu aşhana enjamy işlenip taýýarlananda, Angliýanyň ösen radar tehnologiýasyndan peýdalanylýar. Ilkinji mikrotolkunly peç “RadaRange” ady bilen 1947-nji ýylda satuwa çykarylýar. Mikrotolkunly peçler ilkibaşda has gymmat bolup, restoranlarda we aeroportlarda ulanylypdyr. Olar adatça diwara mäkäm berkidilipdir. Soňlugy bilen öýlerde hem aşhana enjamy hökmünde ulanylyp başlanypdyr. Adatça, nahary gyzdyrmak üçin ulanylýan bu peçler häzirki wagtda ofislerde we öýlerde giňden ulanylýar.