9-njy oktýabrda Şwesiýanyň Korollyk ylymlar akademiýasynyň Nobel komiteti himiýa baýragynyň eýelerini mälim etdi. Baýragyň ýarysy “beloklaryň hasaplaýyş dizaýny üçin” Dewid Beýkere, galan ýarysy bolsa, “beloklaryň gurluşyny çaklamak üçin” Demis Hassabis we Jon M. Jampere berildi. Beýker Sietldäki Waşington uniwersitetinde, Hassabis we Jamper bolsa, emeli aň bilen meşgullanýan britan kompaniýasy “Google DeepMind”-da işleýär.
Bu ýylky Nobel möwsümi 7-nji oktýabrda lukmançylyk baýragynyň eýeleri – amerikalylar Wiktor Ambros we Gery Ruwkunyň atlarynyň yglan edilmegi bilen başlandy. 8-nji oktýabrda fizika boýunça esasy baýrak Jon Hopfilde we Jeffri Hintona nerw ulgamlary boýunça çuňňur işleri üçin berildi.
Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi ertir – 10-njy oktýabrda mälim ediler. Parahatçylyk boýunça baýragyň eýesi (Osloda berilýär) 11-nji oktýabrda, ykdysadyýet baýragynyň eýesi bolsa, 14-nji oktýabrda mälim ediler.
Baýragyň puly – 11 million şwed kronyna deň bolup, takmynan, 970 müň ýewro barabardyr. Baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy 10-njy dekabrda, şwesiýaly oýlap tapyjy Alfred Nobeliň aradan çykan gününe gabatlanýar.