2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy Gyz çagalaryň halkara gününi (iňlis dilinde “International Day of the Girl Child”, “Day of Girls” we “International Day of the Girl” görnüşinde atlandyrylýar) döredýär. Şol ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 11-nji oktýabry Halkara Gyzlar güni hökmünde bellemek baradaky Karar sese goýulýar. Gyz çagalaryň has köp mümkinçilikden peýdalanmagyny we gender deňligini üpjün etmegi goldamak maksady bilen döredilen kararda Gyzlar gününiň ykrar edilip, ähli gyzlaryň bilime elýeterli edilmegi, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy we beýleki hukuklarynyň üpjün edilmegi bu senäniň esasy mowzugy bolup durýar.
Gyzlaryň halkara güni Kanadanyň çözgüdi bilen resmi taýdan teklip edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallaryň ýagdaýy baradaky 55-nji komissiýasynda Kanadanyň aýallar ýagdaýy ministri Rona Ambrozuň hemaýatkärlik etmeginde bu başlangyjy goldaýan zenanlar çykyş etdiler.
Ilkinji gezek 2012-nji ýylda bellenilen bu sene her ýyl bir tema bagyşlanýar. Bu senede halkara guramalar, jemgyýetçilik guramalary we beýleki edaralar dürli çäreleri geçirýärler.