Hytaý ýeňil awtoulag birleşiginiň (CPCA) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Hytaýda awtoulaglaryň 195 modeli düýpli arzanlady. Assosiasiýanyň baş sekretary Suý Donşu häzirki pese gaçyşyň benzin, gibrid we elektrik modellerine öz täsirini ýetirendigini aýtdy.
Şeýlelikde, benzin hereketlendirijisi bolan 71 sany awtoulag modeli, ortaça, 15 müň ýuan (takmynan, 2,1 müň dollar) arzanlady, şeýle awtoulagyň ortaça bahasy 9,3 göterim peseldi. Gibrid awtoulaglardan hem 13 model 15 müň ýuan arzanlady (ortaça baha 8,3 göterim pese düşdi).
Zarýad berilýän gibridler (29 model) ortaça 24 müň ýuan (häzirki hümmet boýunça 3,3 müň dollar), geçýän menzili artdyrylan elektroulag (13 model) 14 müň ýuan (takmynan, 2 müň dollar) arzanlady.
Bahalaryň pese düşmegi “arassa” elektroulaglara-da täsir etdi, şeýle ulaglardan 69 model ortaça 23 müň ýuan (3,2 müň dollar) arzanlady. Hünärmenler muny bazardaky bäsdeşlik we elektroulaglary ösdürmekde hökümetiň goldawy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu bahalaryň arzanlamagyna we sarp edijileriň ekologik awtoulaglara elýeterliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär.