13-nji oktýabrda Litwada geçirilen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Sosial-demokratik partiýasy 20 göterim töweregi ses alyp, öňde barýar. Ikinji orunda 18 göterim töweregi ses bilen dolandyryjy konserwatiw “Watan Bileleşigi” – Hristian-demokratlar gelýär.
Üçünji orunda 15 göterim ses bilen ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýan we şu ýyl döredilen “Zarya Nemana” partiýasy gelýär. Onuň lideri, öňki deputat Remigiuýus Žemaýtiýtisdir. Sosial-demokratlaryň lideri Wiliýa Blinkewiçýute eýýäm onuň bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürdi, ol ilkinji gezek saýlawlara gatnaşan we bary-ýogy 9 göterim ses alan “Litwa üçin” demokratik bileleşik bilen koalisiýa hökümetini döretmäge synanyşjakdygyny aýtdy. Ol şeýle hem, 8 göterim töweregi ses alan liberallar hereketini we 7 göterim töweregi ses alan Litwanyň daýhanlar we halkçy bileleşigini koalisiýa goşulmaga çagyrdy.
Dolandyryjy koalisiýasynyň bir bölegi bolan “Erkinlik” partiýasy saýlawlaryň 5 göterimlik böwedinden geçip bilmedi. Jemi 14 partiýa we bir koalisiýa dalaşgärleriň sanawyny hödürledi.
Saýlawlara gatnaşyk 52,36 göterim boldy. Seýma saýlawlar garyşyk ulgam boýunça geçirilýär. Mandatlaryň gutarnykly paýlanyşy 27-nji oktýabrda meýilleşdirilýän bir mandatly saýlaw okruglarynda ikinji tapgyrdan soň mälim ediler. Onuň netijeleri parlamentdäki güýçleriň deňagramlygyna täsir edip biler.
Litwa Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän ýurt. Ilaty 2 million 866 müňden gowrak. Baltika deňzine çykalgasy bolan bu ýurt Latwiýa, Belarus, Polşa we Russiýanyň Kaliningrad sebiti bilen serhetleşýär. Paýtagty Wilnius. Şeýle hem Litwa 2004-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.