Çehiýanyň “Skoda Group” kompaniýasy Germaniýanyň Reýn-Nekkar metropol sebitiniň jemgyýetçilik ulaglary edarasy bilen hyzmatdaşlykda dünýäniň iň uzyn tramwaýyny işe girizdi. Bu jemgyýetçilik ulagynyň uzynlygy 60 metr bolup, ol her biri 6 metr bolan 10 wagondan durýar. Jemi 368 ýolagça niýetlenen ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 80 kilometre ýetýär. Bu bolsa adaty tramwaýlardan 20 kilometr tizdir. Döwrebap tramwaý örän rahat bolup, serginlediji, gatnaw maglumatlaryny berýän ekranlar, fiziki hereketi çäkli ýolagçylar üçin dürli ýeňillikler bilen enjamlaşdyrylan. Tramwaý Mangeým şäherinde hem-de Reýn-Nekkar sebitindäki ilatly nokatlarynyň aralygynda gatnar. Bu bolsa şäherýaka ýaşaýjylaryň şäher merkezlerine çalt we rahat barmagyny üpjün eder. Çeh kompaniýasy 2026-njy ýyla çenli jemi 114 wagonly tramwaýlary işe girizer. Täze tramwaýlar 1960-2000-nji ýyllar aralygynda öndürilenler bilen çalşylar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.