Gadym zamanlarda deňizçiler uzak ýola syýahata çykypdyrlar. Olaryň biri özüniň gowy görýän öýdeçi maýmynyny ýany bilen äkidipdir. Kenardan ep-esli uzaklaşansoňlar, uly apy-tupan turup, gämi suwa batypdyr. Hemmeler suwa gidipdir, maýmyn hem gark bolup barýandygyna göz ýetiripdir. Garaşylmadyk ýagdaýda suwuň aşagyndan çykan bir delfin maýmyny arkasyna mündürip, bir ada alyp gidipdir.
Delfin maýmyndan:
– Bu ýere beletmiň? – diýip sorapdyr.
Maýmyn:
– Elbetde, belet – diýip, jogap beripdir. Aslynda, adanyň patyşasy meniň iň ýakyn dostum. Eýsem, sen meniň şazadadygymy bilýärmiň? – diýip, maýmyn delfine ýüzlenipdir.
Adada hiç hili jandaryň ýaşamaýandygyny bilýän delfin:
– Hawa, hut şonuň üçin hem sen şazada. Indi sen patyşa-da bolup bilersiň – diýipdir.
Maýmyn geň galyp:
– Men nädip patyşa bolup bilerin? – diýip sorapdyr.
– Bu örän aňsat. Sebäbi sen bu adadaky ýeke-täk jandar. Şol sebäpli seniň patyşa bolmagyň örän tebigy ýagdaý – diýip, delfin suwa çümüp gidipdir.
Kimde-kim ýalan sözlese we öwünse, apatyň üstünden barar.