Bir ors adam Gündogar Aziýanyň iň sowuk deňzi bolan Ohotsk deňzinde azaşandan 66 günden soňra tapyldy. Mihail Piçugin atly 46 ýaşly adam ýel berilýän gaýykda uzak wagtlap ölmän galmagy başarypdyr. Emma onuň ýany bilen giden 49 ýaşly agasy hem-de 15 ýaşly inisi aradan çykypdyr. Olar gidenlerinde ýanlary bilen iki hepdä ýetjek azyk alyp giden eken. Ýerli metbugatda aýdylyşyny görä, Piçugin iki aýda 50 kilogram horlanypdyr. Gaýygy Piçuginiň deňze giren ýeriniň 1 kilometr golaýynda balykçylar görüpdir. Balykçylar onuň gaýygyny görüp, ýanyna baryp halas edipdirler. Ol balykçylara tapdan düşendigini aýdypdyr.
Gaýykdakylardan habar alynman başlanandan soňra halas ediji topar olary gözläp başlapdy. Gaýygyň Kamçatka tarap giden bolmagynyň mümkindigi göz öňünde tutulyp, dikuçarlar we uçarlar bilen gözleg işleri geçirilipdir. Emma olary tapyp bilmändirler.
Piçuginiň aýaly Ýekaterina ýanýoldaşynyň halas bolmagynyň “keramatdygyny” aýdýar. Olar kitlere syn etmek üçin deňze giden ekenler.
Piçugin balykçylara ýegeniniň sentýabr aýynyň başynda ölendigini aýdypdyr, üç hepdeden soňra bolsa agasy aradan çykypdyr. Agasy buzly suwa gaçypdyr, Piçugin ony halas eden hem bolsa, gysga wagtdan soň jan beripdir. Piçugin gaýygyň gowy saýgarylmagy üçin halas ediş gursakçalaryny gaýygyň gyrasyna daňyp goýupdyr.