Angliýanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy. Germaniýaly Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenip, ol 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Tuhel özüniň täze wezipesi bilen baglanyşykly: – Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine laýyk görülmegim meni buýsandyrýar. Bu ýurtda futbola garşy täsin duýgularym bar. Angliýanyň milli ýygyndysynyň wekili bolmagyň özboluşly aýratynlygy bar we ýyldyz oýunçylar bilen bilelikde işleşmek meni tolgundyrýar – diýip, beýanat berdi.

51 ýaşyndaky tälimçi geljek ýylyň ilkinji gününden başlap, täze işine girişer. Federasiýa tarapyndan berlen beýanatda Tuheliň ilkinji missiýasy Angliýanyň milli ýygyndysyna Dünýä Kubogyny gazanmak bolar. Tuhele angliýaly Antoni Berri ýardam berer. Ol “Çelside” hem-de “Bawariýada” Tuheliň asistenti bolupdy.

Tuhel tälimçilik karýerasyna “Augsburg II” (2007-08) toparynda başlap, soňlugy bilen “Maýns (2009-14), “Borussiýa Dortmund” (2015-17), PSŽ (2018-20), “Çelsi” (2021-22) hem-de “Bawariýa” (2023-24) toparlaryny türgenleşdirdi. Ilkinji gezek milli ýygynda tälim berjek Tuhel “Çelsi” bilen 2021-nji ýylda UEFA Çempionlar Ligasynyň çempiony bolupdy. Tuhel karýerasy boýunça 11 kubok gazandy.

Tomas Tuhel Angliýanyň taryhyndaky 3-nji daşary ýurtly tälimçi bolar. Ondan öň şwesiýaly Swen-Goran Eriksson (2001-06) bilen italiýaly Fabio Kapello (2008-12) daşary ýurtly hünärmenler hökmünde Angliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi bolupdy. Şeýle-de, geçen maý aýynda “Bawariýadan” gaýdan Tuhel bilen “Mançester Ýunaýted” hem içgin gyzyklanýardy.

Geçen tomusda Germaniýada geçirilen 17-nji Ýewropa çempionatyndan soň, finalçy Angliýanyň milli ýygyndysynda tälimçi Garet Sautgeýt wezipesini taşlapdy. Ol 8 ýyllap topara tälim berip, 2 gezek yzly-yzyna futbolyň watanynyň milli ýygyndysyny yklym ýaryşynda finala çykarypdy. Ýöne 2 finalda-da – ilki Italiýadan soňra Ispaniýadan ýeňlipdi. Angliýanyň futbol federasiýasy täze esasy tälimçi tapylýança U21-iň tälimçisi, irlandiýaly Li Karslini wagtlaýynça wezipä belläpdi. Ol 4 duşuşykda 3 gezek ýeňiş gazanyp, 1 sapar hem utuldy. Li Karsli noýabr aýyndaky 2 duşuşykda-da Angliýanyň milli ýygyndysyna tälim berer.