Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýasy senagatyň ähli ugurlarynda diýen ýaly ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýa önümçiligi görnetin artdyrmaga, energiýany tygşytlamaga, adam zähmetini ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Şeýle bolansoň bu ugra maýa goýýan kompaniýalaryň sany her ýyl artýar. Emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan we enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň girdejileri görnetin ýokarlanýar. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan TSMC kompaniýasynyň Ýewropada has köp zawod açjakdygy mälim edildi. Taýwan kompaniýasy, esasan, emeli aň çiplerini öndürmek üçin Ýewropadaky önümçilik desgalarynyň sanyny artdyrar. Bu kompaniýa iň ösen çipleri öndürmegi bilen tanalýar. Kompaniýanyň şu ýylyň awgust aýynda Germaniýanyň Drezden şäherindäki ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlanypdy. Bu zawod kompaniýanyň Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndaky ilkinji önümçilik desgasy bolar. Bu ýerde önümçiligiň 2027-nji ýylyň ahyrynda başlanmagyna garaşylýar.
Sapartäç HOJABALKANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.