Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­na­ny­na 33 ýyl do­lan Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz şol ýyl­la­ryň do­wa­myn­da äh­li ugur­lar­da uly ösüş­le­ri ga­za­nyp, dün­ýä­niň kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da bu ösüş­le­riň has-da iler­le­ýän­di­gi, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ril­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň il­kin­ji gün­le­rin­den «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» ba­dal­ga be­ril­me­gi bi­len, ägirt uly ösüş-öz­gert­me­ler tu­tuş ýur­du­my­zy gur­şap al­dy. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da bu ösüş-öz­gert­me­le­riň, ta­ry­hy tu­tum­la­ryň döw­re­bap de­re­je­de, tä­ze üs­tün­lik­ler bi­len do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­mak bol­sa aý­ra­tyn ýa­kym­ly­dyr.
Bu ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­myz­da giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly we saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mil­li mak­sat­na­ma­da ýur­du­my­zy äh­li ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň stra­te­gik ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. Şeý­le hem ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, oba­la­ryň we şä­her­çe­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­muş şert­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, ra­ýat­la­ryň mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ber­kit­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak ýa­ly wa­jyp me­se­le­ler Mak­sat­na­ma­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz dün­ýä­de hal­ka­ra söw­da­nyň hem-de yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne özü­niň goş­ýan go­şan­dy­nyň ge­ri­mi­ni bar­ha gi­ňeld­ýär. Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa yk­lym­la­ry­nyň mö­hüm geo­sy­ýa­sy çat­ry­gyn­da amat­ly ýer­leş­ýän eziz Di­ýa­ry­myz dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ry bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ama­la aşyr­ýar, yg­ty­bar­ly yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk­la­ry ös­dür­ýär. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de ýur­du­my­zyň güm­rük ser­he­din­den geç­ýän ha­ryt­la­ryň, ulag se­riş­de­le­ri­niň möç­ber­le­ri­niň art­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Şu ýy­lyň üç çär­ýe­gi­niň jem­le­ri bo­ýun­ça gur­lu­şyk­da 9,3 gö­te­rim, ulag-ara­gat­na­şyk­da 6,8 gö­te­rim, söw­da­da 9 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da 5,2 gö­te­rim, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 7,5 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni­niň ga­za­nyl­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän kö­pu­gur­ly ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Şu ýy­lyň ýan­war – sent­ýabr aý­la­ry­nyň jem­le­ri­ne gö­rä, ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça se­na­gat önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň 104 gö­te­rim, oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň 109,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­ma­gy ýur­du­myz­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da çuň­laş­ýan­dy­gy­nyň, hu­su­san-da, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek­de, ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak­da, ba­zar­lar­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jem­le­ýän te­le­ke­çi­lik işi­niň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na öz­leş­di­ri­len düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­niň, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 16,6 gö­te­rim art­ma­gy ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­niň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny gör­kez­ýär. Bu gün Türk­me­nis­tan dün­ýä ma­ýa­dar­la­ry we eks­port edi­ji­le­ri üçin özü­ne çe­ki­ji ýurt­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Şu ýy­lyň 10-11-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ma­ýa go­ýum fo­ru­my mu­nuň şeý­le­di­gi­ni aň­ry­ýa­ny bi­len tas­syk­la­dy.

Aý­gül ÝAG­ŞY­MY­RA­DO­WA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.