NA­SA Ýu­pi­te­riň Ýew­ro­pa at­ly hem­ra­sy­ny (Ýu­pi­ter II hem di­ýil­ýär) has ýa­kyn­dan öw­ren­mek hem-de buz bi­len ör­tü­len as­man ji­si­min­de ýa­şaý­şyň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny anyk­la­mak üçin kos­mos en­ja­my­ny uçur­dy. Flo­ri­da­da­ky kos­mod­rom­dan uçu­ry­lan kos­mos gä­mi­si Ýew­ro­pa­nyň daş­ky gat­la­gy­nyň as­tyn­da do­ňan um­ma­nyň we ol ýer­de ýa­şaý­şyň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny öw­ren­mek­de peý­da­la­ny­lar. «Eu­ro­pa Clip­per» at­ly kos­mos gä­mi­si 2030-njy ýyl­da as­man ji­si­mi­niň or­bi­ta­sy­na gi­rer. Umu­my ba­ha­sy 5,2 mil­liard dol­lar bo­lan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ol ýer­de hi­mi­ki ele­ment­le­riň we ýa­şa­ýyş üçin ge­rek bo­lan ener­gi­ýa­nyň bar­dy­gy ýa-da ýok­du­gy ýü­ze çy­ka­ry­lar.
Ulu­ly­gy bi­ziň pla­ne­ta­myz bi­len de­ňe­çer bo­lan Ýew­ro­pa­da­ky ýe­ras­ty um­ma­nyn­da Ýe­riň äh­li um­man­la­ryn­da­ky su­wuň iki es­se­si­ne ba­ra­bar su­wuň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Kos­mos gä­mi­si­niň üç ýyl ula­nyl­ma­gy, ge­rek bo­lan ýag­da­ýyn­da ula­nyş möh­le­ti­niň uzal­dyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Gur­ban NA­ZA­ROW,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi, 3-nji derejeli ýurist.