Türkmen topragynda döräp, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, it tohumlarynyň naýbaşy hasaplanýan türkmen alabaý itleri halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler gün-günden artýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, 7-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini dünýä mälim edýär. Ýurdumyzda itşynaslara berilýän ünsüň ýokarydygyny alnyp barylýan işleriň netijesinde hem görmek bolýar.
Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň milli senenamasynda orun alan baýramdyr. 2021-nji ýylda bu sene ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenildi. 2022-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, ol ilkinji gezek aýratyn baýram hökmünde bellenildi. Her ýyl oktýabr aýynda bellenilýän bu baýramçylygyň çäklerinde Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we alabaýlaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, itleriň bu tohumynyň dünýäde şöhratynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegine we has-da kämilleşdirilmegine ýardam edýän beýleki medeni çäreler geçirilýär.
Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly döredildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri üstünlikli alyp barmagy arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylyk işini alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmen alabaýlarynyň iň gadymy tohumlarynyň biri bolandygyny ýurdumyzyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylar hem tassyklaýar.
Ýurdumyzda itçilik pudaga degişli birnäçe häzirki zaman desgalarynyň – Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň, Ahal welaýatynda karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezleriniň açylmagy bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň, tohum itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn düzümleri ösdürmegiň ýolunda alnyp barylýan giň gerimli we yzygiderli işleriň subutnamalarydyr. Şunda alabaýlary ösdürip ýetişdirmäge, alabaýlaryň neslinde olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de berkitmäge bildirilýän ähli talaplar göz öňünde tutulyp, seçgiçi hünärmenleriň, zootehnikleriň, weterinarlaryň amatly şertlerde we netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilendir.
Bagtyýar AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.