Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz döwletimizde bolup geçýän uly ösüşler, hususan-da ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işine öz täsirini ýetirýär we olaryň işini täzeçe guramagyň depginleriniň yzygiderli güýçlendirmegi talap edýär. Döwletiň ösmeginde, özgermeginde kitaphanalar ähli ruhy baýlyklary we gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy galkynyşyny döretmekde möhüm orny eýeleýär.
Ýurdumyzyň raýatlaryny bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, watanperwerlik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir.
Ýurdumyzyň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň beýleki merkezi kitaphanalary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde taslamalary durmuşa geçirilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna goşuldy, bu taslamanyň düýp özeni hut Döwlet kitaphanasy tarapyndan dolandyrylýar. Bu taslama 2016-njy ýylyň 29-njy iýulynda işe girizildi. Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli görnüşdäki kitaphanalary üçin ylmy we usulyýet merkezi bolup durýar.
Eziz Diýarymyzda kitaphanalardaky kitaplaryň sany yzygiderli artdyrylýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň kitaphanalaryna «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» ady bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň senenamasy baradaky kitabyň 1-nji tomy gelip gowuşdy. Bu kitap aýratynlykda türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilipdir. Bu kitapda ýerleşdirilen maglumatlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň baý many-mazmunyny açýar, ýurdumyzyň syýasatyna laýyklykda, raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri görkezýär. Bu kitap mähriban Watanymyzyň iň täze taryhy bilen gyzyklanýan okyjylarymyz üçin gymmatly çeşme bolup durýar.
Şeýle hem kitaphanalarymyzda Magtymguly Pyragynyň eserlerine hem uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Dana şahyrymyzyň edebi mirasy türkmen halkynyň milli medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä ýaýylýar. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýaş nesliň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Dana şahyrymyzyň poeziýasynyň ahlak sapaklary ähli döwürde-de wajyp bolup durýar. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dillerine terjime edilýär. Şeýle goşgularyň özbek, gyrgyz, ermeni we gruzin dillerine terjime edilen täze nusgalary peýda bolýar.
Türkmen nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý mirasyny ýaş nesillerimiziň aňynda, kalbynda ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Irina ZAÝNULINA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.