Aş­ha­na­da giň­den ula­nyl­ýan gök önüm­le­riň bi­ri bo­lan so­ga­nyň dün­ýä­de 20 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Ta­gam sa­naw­na­ma­syn­da so­gan­syz taý­ýar­lan­ýan na­har­lar az bo­lup, is­len­dik na­ha­ra azyn­dan bir so­gan go­şul­ýar. Şol se­bäp­li gök bak­ja önüm­le­ri­niň ara­syn­da so­ga­ny has köp aras­sa­la­ýa­rys. «Ur­maz, sög­mez – ag­la­dar» diý­li­şi ýa­ly, so­ga­nyň ga­by­gyny aý­ra­ny­myz­dan gö­zü­miz­den ýaş akyp baş­la­ýar. Ýa­kyn­la­ry­my­zyň «Goý, ag­la­ma, ag­la­ny­ňa deg­mez, kim göw­nü­ňe deg­di?» diýip, he­nek at­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, so­ga­ny aras­sa­lap, dog­rap bol­ýan­çak «ag­lap otur­ýa­rys». So­gan nä­me üçin gö­zü­mi­ze gir­ýär? Nä­me üçin gö­zü­miz­den ýaş bö­lü­nip çyk­ma­ga mej­bur ed­ýär?
So­gan­lar maş­ga­la­sy iýil­ýän bö­le­gi ýer as­tyn­da bit­ýän ösüm­lik­ler bo­lup, sy­çan­dyr, gem­ri­ji­ler­den go­ran­mak üçin ýö­ri­te kis­lo­ta bö­lüp çy­kar­ýar. Syn eden bol­sa­ňyz, meý­dan­da ga­zy­lyp al­nan so­ga­nyň gem­ri­ji­ler ta­ra­pyn­dan gä­di­len ýe­ri­ni gö­ren däl­si­ňiz. So­ga­na guş ýa-da beý­le­ki mör-mö­jek­ler hem de­gip bil­me­ýär. So­gan ga­by­gyn­dan aý­ry­lan­da fer­ment­le­ri we sul­fen kis­lo­ta­sy­ny bö­lüp çy­kar­ýar. Bu bir­leş­me­ler gaz ha­lyn­da­ky pro­pa­ne­ti­al S-ok­si­di­ni ön­dür­ýär­ler. Bu ok­sid göz bi­len gar­şy­la­şan­da göz­ýaş bö­lü­nip çyk­ma­gy­na se­ze­war ed­ýär. Pro­pa­ne­ti­al S-ok­si­di ga­bak­la­ry ýap­ýan we go­ra­ýan suw gat­la­gy­na de­gen­de kü­kürt kis­lo­ta­sy­na öw­rül­ýär. Em­ma bu hi­mi­ki tä­sir­leş­me göz üçin zy­ýan­syz­dyr. So­gan aras­sa­la­nan­da göz­dä­ki nerw da­mar­la­ry gö­zi aras­sa­la­mak üçin göz­ýaş ön­dü­rip baş­la­ýar­lar.
So­ga­nyň gör­nü­şi­ne bag­ly
So­ga­nyň ýi­ti ta­ga­my­na gö­rä dür­li gör­nü­şi bar. Adat­ça ak so­gan ýum­şak hem-de gö­ze az tä­sir ed­ýär diý­lip ha­sap­lan­ýar. Gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan sa­ry so­ga­nyň hem ýe­tiş­di­ri­len ýe­ri­ne we hi­li­ne gö­rä, ajy­ly­gy üýt­ge­ýär. Bu­la­ryň iň ajy­sy gy­zyl so­gan ha­sap­lan­ýar. Ýa­ňy kö­ke du­ran, bog­lup sa­tyl­ýan ýaş so­ga­nyň hem ajy­rak gör­nüş­le­ri bol­ýar. Ýö­ne ýaş so­gan gö­zü­ňi ýa­şart­ma­ýar.
Nä­dip öňü­ni al­ma­ly?
So­gan nä­çe suw­ly we ajy bol­sa-da, gö­ze tä­sir et­me­gi­niň öňü­ni alyp bol­ýar. Il­ki bi­len so­gan aras­sa­la­nan­da uzak ara­çä­gi sak­la­ma­ly. Soň­ra bol­sa ony suw­ly ga­ba sa­lyp, su­wuň için­den alyp dog­ra­ma­ly. Aras­sa­lan wag­ty­ňyz­da so­ga­nyň su­wy gö­zü­ňi­ze syç­ra­sa, akar suw­da ýuw­ma­ly. Eger-de, so­ga­na göz gi­ji­le­wü­gi­ňiz bar bol­sa, gö­zü­ňize so­wuk su­wa ezi­len es­gi ýa-da hy­ýar di­li­mi­ni goý­ma­ly.