Ýer şarynyň iň çetki künjekleriniň biri bolan Awstraliýada we onuň töweregindäki adalarda täsin endemiki jandarlaryň birnäçesi ýaşaýar. Awstraliýanyň Rottnest we Bold adalarynda ýaşaýan kwokkalar hem şeýle täsin jandarlaryň biri hasaplanýar. Bu jandar «ýylgyryşy» we täsin hereketleri bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Şadyýan jandarlaryň biri bolan kwokkalar owadan ýylgyryşlary bilen dünýäde meşhurdyr. Bu jandaryň fotosuratyny ýa-da şekilini göreniňde, ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Kwokkalar hem kengurular ýaly süýdemdirijileriň hordalylar maşgalasyna degişlidir. Edil kengurular ýaly iki aýagynda ýöreýän kwokkalaryň göwresiniň ululygy 30 santimetre, agramy 2,5-5 kilograma ýetýär. 10 ýyla çenli ýaşaýan şadyýan jandarlar, esasan, gijesine hereketde bolýarlar. Ot bilen iýmitlenýän kwokkalaryň ýene bir aýratynlygy – olar ne kameradan, ne-de synlamaga baran adamlardan gorkýarlar. Hut şonuň üçin hem Rottnest adasyna gelen syýahatçylar olar bilen surata düşmezden yzyna dolanmaýarlar. Kwokkalar surata düşenlerinde kamera göni seredip, adamyň ýüz keşbine hem öýkünip bilýärler.