Meşhur rus ýazyjysy Nikolaý Gogolyň meşhur «Öli janlar» romanynyň ikinji jildi «GigaChat» neýroulgamy arkaly ýazylar. Taslama ýazyjynyň mirasy boýunça hünärmenler hem gatnaşar.
«GigaChat» neýroulgamy Gogolyň gahrymanlarynyň sýužet ugurlaryny we keşplerini dikeltmek üçin taryhçylar, ýazyjylar we terjimehal düzüjiler tarapyndan tälim aldy. Olar emeli aňy ýazyjynyň eserleri, usuly, arhiwi, hatlary, ikinji jildiň galan bölümleri we garalamalary bilen tanyşdyrdylar. Neýroulgam tehnologiýalary boýunça hünärmenler bilen ylmy we edebi jemgyýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde okyjylar eseriň dowamyny okap bilerler.
1842-nji ýylda «Öli janlar» romanynyň birinji jildi neşir edilýär. Edebiýatşynaslaryň pikiriçe, «Öli janlar» rus edebiýatynyň iň möhüm eserlerinden biridir. Nikolaý Gogol ömrüniň ahyrynda ruhy hassalykdan ejir çekip, 1852-nji ýylyň 11-12-nji fewraly gijesinde neşir edilmäge taýýarlanan «Öli janlaryň» ikinji jildiniň golýazmalaryny oda ýakýar. Neşirleriň taslamasy bilen baglanyşykly bäş bap doly däl görnüşde saklanyp galypdyr.
«GigaChat» Nikolaý Gogolyň döredijiligine, awtorynyň usulyna we saklanyp galan garalamalaryna esaslanyp, öz nusgasyny döreder. Bilermenleriň aýtmagyna görä, taslama diňe ýitirilen eseri janlandyrmaga däl-de, eýsem rus edebiýatyny öwrenmäge hem ýardam berer.