21-nji oktýabrda Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu, ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda 41,84%, öňki Baş prokuror Aleksandr Stoýanoglo 26,35% ses aldy. Bu deslapky netijeler, teswirnamalaryň 97,88%-i sanalandan soň Merkezi saýlaw topary (CEC) tarapyndan mälim edildi.
“Biziň partiýamyz”-yň lideri Renato Usatyý, 13,77% ses alyp, ilkinji üçlüge girdi. Ondan soň Gagauziýanyň öňki başlygy Irina Wlah we öňki prokuror Wiktoriýa Furtuna degişlikde, 5,46% we 4,53% ses aldy, bularyň yz ýanyndan öňki Premýer-ministr Wasiliý Tarlew (3,24%) we Ion Çiku (2,09%) gelýär.
Bu syýasy çärede saýlawçylaryň ýarysyndan gowragynyň sesini alan dalaşgär ýeňiji bolar. Tersine bolan halatynda 3-nji noýabrda birinji tapgyrda öňe saýlanan iki dalaşgäriň gatnaşjak ikinji tapgyry guralar.