ABŞ-nyň Mis­su­ri şta­ty­nyň Kan­zas-Si­ti şä­he­rin­de 1924-nji ýyl­da gö­mü­lip goý­lan “wagt kap­su­la­sy” açyl­dy. Bu wagt kap­su­la­sy bi­rin­ji ja­han ur­şy we XX asy­ryň ba­şyn­da­ky dur­muş ba­ra­da res­mi­na­ma­la­ry, şeý­le hem ar­te­fakt­la­ry sak­lap­dyr. Bu ba­ra­da CNN ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Wagt kap­su­la­sy 1924-nji ýyl­da Bi­rin­ji ja­han ur­şu­na gat­na­şy­jy­la­ra ba­gyş­la­nan Azat­lyk ýa­dy­gär­li­gi­ni gur­mak tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de mil­li mu­ze­ýiň ta­ryh­çy­la­ry we ku­ra­tor­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Kap­su­la­ny goý­mak da­ba­ra­sy 100 mü­ňe go­laý ada­my özü­ne çek­di, aý­ra­tyn hem oňa Kan­zas-Si­ti­niň köp san­ly bel­li ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy. Bu kap­su­la­ny aç­mak aň­sat hem bol­ma­dy, se­bä­bi ol hek da­şy bi­len be­to­nyň ara­ly­gyn­da ýer­leş­ýär­di. Ony al­mak üçin hem Azat­lyk ýa­dy­gär­lik di­ňi­niň di­wa­ry­ny bu­raw­la­ma­ly bol­dy. Bu kap­su­la açy­lan­dan soň, on­da bir­nä­çe res­mi­na­ma­lar ýag­ny, ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň gö­çür­me nus­ga­sy, ga­zet­ler, In­jil we Bi­rin­ji ja­han ur­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly res­mi­na­ma­lar ta­pyl­dy. Aý­ra­tyn hem ar­te­fakt­la­ryň ara­syn­da to­hum­ly çüý­şe, go­şun ser­ker­de­le­ri­niň hat­la­ry we 1921-nji ýyl­da­ky “Kan­sas City Star” ga­ze­ti­niň nus­ga­sy ün­si özü­ne çek­di. Mun­dan baş­ga-da kap­su­la­nyň mis­den edi­len ga­byn­da bir­nä­çe gol oýu­lyp çe­ki­lip­dir. Mu­ze­ýiň hü­när­men­le­ri gol çe­ken­le­riň şah­sy­ýe­ti­ni anyk kes­git­läp bil­me­di­ler, em­ma onuň kap­su­la­ny goý­ma­ga gat­na­şan iş­çi­ler­di­gi ba­ra­da­ky ne­ti­jä gel­di­ler.

Mäh­rem BA­BA­MY­RA­DO­WA, TMÝG-nyň Ho­jam­baz et­rap Ge­ňe­şi­niň Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň ag­za­sy.