Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da göw­rü­mi 20 sa­ny “Em­pi­re Sta­te” bi­na­sy­na ba­ra­bar bol­jak kub gör­nüş­li äpet bi­na gur­lar. “Mu­ka­ab” at­ly bi­na­nyň her ta­ra­py 400 met­re ýe­ter. Şeý­le­lik­de bi­na­nyň umu­my öl­çe­gi ha­sa­ba al­nan­da dün­ýä­niň iň uly gur­lu­şy bo­lar. Paý­tagt Er-Ri­ýa­dyň çä­gin­de gu­rul­jak bi­na şä­he­riň tä­ze ilat­ly no­ka­dy bol­jak “New Mu­rab­ba”-nyň mer­ke­zin­de ýer­le­şer. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän “New Mu­rab­ba Develop­ment Co.” kom­pa­ni­ýa­sy ja­ýyň gur­lu­şy­gy­nyň ama­la aşy­ryl­jak ýe­rin­de 10 mil­li­on kub­metr­den gow­rak ýe­ri ga­zyp­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Maýkl Daýk gel­jek ýyl bi­na­nyň tö­we­re­gin­de gu­rul­jak güý­men­je des­ga­la­ry­nyň, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­niň we 45 müň orun­lyk sta­dio­nyň gur­lu­şy­gy üçin şert­na­ma bag­la­şyl­ma­ga ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu ýer­de 400 müň­den gow­rak ilat ýa­şar. Tas­la­ma­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň 2030-njy ýy­la çen­li ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ýer­de 8 müň tö­we­re­gi öý bo­lup, 35 müň ýa­şaý­ja ni­ýet­le­nen­dir.