Maýa Sandu we Aleksandr Stoýanoglo Moldowada geçiriljek Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşerler.
Muňa sesleriň 98,51 göterimi sanalandan soňky netijeler subut edýär. Dalaşgärleriň hiç biri-de birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin zerur mukdarda sesi alyp bilmedi.
Şeýlelik bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan neşir edilen maglumatlara görä, 640 881 saýlawçy Maýýa Sanduwa ses berdi, bu bolsa saýlawlara gatnaşanlaryň 42,07 göterimine deňdir.
Aleksandr Stoýanoglo ikinji orny eýeledi, oňa 400,208 saýlawçy ses berdi, bu bolsa saýlawçylaryň umumy sanynyň 26,27 göterimini emele getirýär.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Maýa Sandu, takmynan, 240,673 ses tapawudy bilen öňdeligi eýeledi. Renato Usatyý bolsa, 209,011 ses (13,72 göterim) bilen üçünji orny eýeledi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň sözlerine görä, saýlawlaryň ikinji tapgyry 3-nji noýabrda geçiriler.