Resminamalary saklamak üçin niýetlenen şkafda unudylan ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň 237 ýyl mundan ozalky nusgasy, “Brunk Auctions” auksion öýünde 9 million dollara satyldy. Bu barada “CBS News” teleýaýlymy auksion öýüniň eýesi Endrýu Brunka salgylanyp habar berdi.
Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, bu resminama 2022-nji ýylda Demirgazyk Karolinadaky Haýes fermasynda, ýer döwlete satylandan soň arassalaýyş işleri geçirilýän wagty tapyldy. Fermeriň eýesi 1787-1889-njy ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden Demirgazyk Karolinanyň gubernatory Samuel Jonsondy.